- ykjatmak
- işlik[y:kjatmak]1) Galgatmak, öwüsdürmek, ýelkildetmek.∙ Ol heniz gulpagyny örmän, arpa maýsasy ýaly ykjadyp ýörkä, oglum bolupdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Mylaýym bahar şemaly onuň egnindäki sal-sal bolup giden donuny ykjadyp biljek gümany ýok. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)∙ Bessir gyňajyny ykjadyp, uly gykylyk edip jaýa girdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Balkan daglarynyň üstüni syryp gelýän sowuk şemal Nurjahanyň mele sütük ýaglykdan çykyp duran gara zülpüni ykjadýardy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)2) Bikär entetmek.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, t sesi d sesine öwrülýär.Meselem ykjatmak - ykjadýar, ykjadar, ykjadypdyr.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.